Welaýat häkimligindäki maslahat ýylyň şygaryna bagyşlandy
Lebap welaýat häkimliginde dabaraly maslahat geçirildi. Ol 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy.
Çykyş edenler ― ýaşulular, eneler, welaýatymyzyň syýasy partiýalarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem bilim işgärleri üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň ildeşlerimizi aýratyn uly şatlyga besländigini nygtadylar.
Dabaraly maslahatda edilen çykyşlar welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan konsertine utgaşdy.