TÜRKMENISTAN HABARLARY

Döredijilik bäsleşigi yglan edildi

«Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde «Garaşsyzlyk — ösüşleriň ganaty, parahatçylyk we ynanyşmak — Arkadagyň ýörelgesi» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlanýar.
Gazetiň 30-njy ýanwardaky sanynda çap edilen bildirişde döredijilik bäsleşiginiň makalalar, oçerkler, goşgular žanrlary boýunça geçiriljekdigi we eserleriň 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli kabul ediljekdigi we olaryň gowularynyň gazetde çap ediljekdigi habar berilýär. Bäsleşigiň jemini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şonda her ugur boýunça birinji, ikinji we üçünji orunlar kesgitleniler we ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işleri «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasyna (salgysy: Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy) ýa-da gazetiň elektron poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@online.tm) ibermelidigi barada aýdylýar. Hödürlenilýän eserlerde: «Garaşsyzlyk — ösüşleriň ganaty, parahatçylyk we ynanyşmak — Arkadagyň ýörelgesi» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bolmalydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply