BIZE YAZYARLAR

Milli türkmen halysy

Ene-mamalarymyzyň sünnäläp dokan halylarynyň her çitiminde ata Watanymyza, gözel tebigatymyza, halkymyza bolan çäksiz söýgi beýan edilýär. Gelin-gyzlarymyzyň täsin dünýägaraýşy bilen gurşalan milli senetde sabyr-takatlylyk, başarjaňlyk, zähmetsöýerlik jemlenipdir. Türkmen dünýäsine düşünmegiň bu ylmy açarynda söýgi, mähir duýgulary birigip, beýik, gaýtalanmajak sungat emele gelipdir. Şeýdip ene-mamalarymyz öz nesline ýitip gitmejek genji-hazynasyny – halyçylyk hünärini baky miras goýupdyrlar. Türkmen halysy henizlerem syry doly açylmadyk ajaýyp bir eserdir. Onuň her gölünde, her bir nagşynda dürli rowaýatlar ýatyr. Türkmen topragynyň gözelliklerini özünde jemläp, taryhyny syrly nagyşlar bilen bezäp saklan, dürli reňkli owadan ýüpler bilen çitilen halylarymyz özboluşly ylymdyr. Hala salynýan her bir gölüniň, nagşynyň  aňladýan manylary, olaryň rowaýatlary bar. Mysal üçin, «Çarhy pelek» nagşy öz söýgüsine duşup bilmän goja satylan gyzyň ahy nalasy bolsa, «Gülýaýdy» nagşy  bagtyna gowuşan gyzyň şatlygyny hem buýsanjyny aňladýar.

Milli we maddy medeniýetimize aýratyn sarpa goýulýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary bilen  her ýylda Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilip geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu ugurda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyza baýramçylyk mynasybetli hormatly atlar dakylyp, olara gymmatbahaly sowgatlar gowşurylýar.

Milli mirasymyzy dikelden, halkymyzy eşretli zamana ýetiren, Diýarymyzy toýdur baýramlaryň mekanyna öwüren Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun. Il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 Merjen Şakulowa,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: