Ýokançly gijelewük keselini gotur sakyrtgasy döredýär. Sakyrtga deriniň daşyna düşen ýagdaýynda birnäçe günüň dowamynda ölýär. Urkaçy gotur sakyrtga 6-8 hepdäniň dowamynda gotur ýodajygynda 50-ä golaý ýumurtgasyny taşlaýar. Ýetişen sakyrtgajyklar ýumurtgajyklaryň içinden 3-7 hepdäniň dowamynda çykýarlar. Şunlukda 3 aýyň dowamynda 150 milliona golaý sakyrtgalar döreýär. Keseliň gizlin döwri 7-10 günden bir aýa çenli çekýär. Näsag bilen ýakyn gatnaşykda, esasan hem onuň egin-eşigi we ýorgan-düşegi ulanylanda, ýokuşma bolup geçýär. Bu ýagdaý çagalaryň arasynda oýunjaklardan geçip bilýär. Sakyrtganyň derä düşen ýerinde kiçijik gabarçak emele gelýär. Ýokançly gijelewügiň esasy alamaty güýçli gijelewük bolup durýar, ol esasan hem öýlän we gije näsag ýorgana giren wagtynda güýçlenýär. Köp halatlarda keseliň ilkinji alamatlary bolan mahsus gijelewükden başga-da, deride jübüt we ýaýraň ýerleşen nokat ýaly düwünjikli-gabarçakly örgünler, goturyň ýodajyklary we gaşanmagyň yzlary emele gelýär. Örgünleriň iň ýygy ýerleşen ýerleri barmaklaryň aralary, gapdallary, goşarlaryň epilýän we tirsekleriň epilmeýän taraplary, göwräniň öň gapdallary, goltukasty epinler, butlar, injikler.Ýokardaky alamatlar näsagda peýda bolanda dessine deri lukmanlaryna ýüz tutmagy we bejergini doly almagy maslahat berýäris. Bejergi döwründe buýnuz gatyny ýumşadýan, sakyrtga ýoljagazlaryndan geçip, olary öldürýän serişdeler ulanylýar. Ýöne bejergini netijesi ulanylan derman serişdesiniň häsiýetine däl-de, onuň dogry ulanylmagyna we bejerginiň doly alynmagyna bagly bolup durýar. Derman serişdelerini ulanmazdan ozal, näsag suwa düşse bejergi has netijeli bolýar. Sebäbi bu çäre deriniň üstünde ýerleşen sakyrtgajyklaryň ýuwulyp düşmegine we buýnuz gatlagynyň ýumşamagyna kömek edýär. Ýokançly gijelewügiň garşy şowly göreşiň şerti, ýokanjyň dörän ojagynda ähli maşgala agzalaryny gözden geçirmek bejergi bermekdir.näsaglary wagtynda bejermek we sagdyn adamlardan daşda saklamak, keseliň ýaýramagynyň öňüni almagyň esasy şerti bolup durýar.
Azat PERMANOW,
Lebap welaýat deri-wenerologiýa hasahanasynyň lukmany.
