BIZE YAZYARLAR

Meşhur adamlaryň durmuşyndan

Meşhur adamlar öz elleri bilen uzak ýaşamagy we saglygyny dikeltmegi gazanypdyrlar. Kant öz gigiýeniki ulgamyny döredipdir. Ol öz işinden lezzet almagyň düzgünlerini işläp düzüpdir. Her gün sagat bäşde oýanyp, gije sagat onda ýatmagy endik edipdir. Diňe segsen ýaşynda ilkinji gezek gündiz ýorgan-düşekde ýatypdyr. Ömrüniň otuz ýylynyň dowamynda ol ýeke gezegem näsaglamandyr

Pol Breg ýürek keselli, gowşajyk çaga eken. On iki ýaşynda inçekesel bilen keselläpdir. Hossarlary ony sanotoriýada bejermäge ugradypdyrlar. Bejergi aýratyn iýmitler we arassa howada ýerine ýetirilýän maşklar arkaly amala aşyrylypdyr. 16 ýaşynda Pol sagdyn ýigit bolupdyr we şondan soň bütin ömrüni saglygy goramaklygya bagyşlapdyr. Ol çaga wagty kabul eden zäherlerini açlyk çekmeklik arkaly bedeninden çykarypdyr. Ol «Ýüregi nädip sagdyn saklamaly», «Tebigy ýol bilen horlanmaklygyň düzgünleri ýaly kitaplaryň awtory. Breg 95 ýaşynda ummanda ýaşlar bilen bilelikde sport bilen meşgullanyp ýörkä aradan çykypdyr.

Ýunanda ýaşap geçen pelsepeçi Demokrit 100 ýyldan hem uzak ýaşapdyr we ömrüniň ahyryna çenli ýokary işjeňligi gazanmagy başarypdyr. 92 ýaşynda aradan çykan gadymy ýunan lukmany bedene fiziki zähmetiň ähmiýetine, açyk howada gezelenç etmeklige aýratyn uly ähmiýet beripdir.

Inb Sina gereginden artyk iýmitiň bedene zyýanyny düşündirip, süýt içmekligi, gök önümler we gök otlar bilen iýmitlenmegi maslahat beripdir. Tibet lukmançylygy bilen gyzyklanýanlar 80-90 ýaşapdyrlar we dogry iýmitlenip, sagdyn durmuşy ýöredipdirler. Köp alymlar we lukmanlar zähmet işjeňliginiň ömri uzaldýanlygyny belläpdirler.

Dildara Şadyýewa,

Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: