BIZE YAZYARLAR

Sanly ulgama geçmegiň kanunçylyk esaslary

Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň jemgyýetimizde berk kanunçylyk binýady emele gelýär. Döwrüň talaplaryna, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda bolup geçýän özgertmelere laýyklykda, milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär. Ähli pudaklarda sanly ulgama geçmek bilen baglanyşykly uly işler amala aşyrylýar. Sanly ulgam – ähli ösüşleriň gönelzigidir. Olaryň ygtybarlylygy we howpsuzlygy döwlet tarapyndan goralýar.

Türkmenistanda ”Elektron resminama hakynda”, ”Aragatnaşyk hakynda”, ”Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Kanunlar hereket edýär. Sanly gurşaw maglumatlaryň we innowasion tehnologiýalaryň jeminden ybaratdyr. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlylygy bilen kepillendirilýär. Ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmegi durmuşymyza oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly ulgama geçmek maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz her bir ulgamyň hukuk binýadynyň berk bolmagy babatda birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Dostlugy, watansöýüjiligi durmuş kadasyna öwren türkmen ýaşlary çylşyrymly tehnoligiýalardan kämil baş çykarýarlar. Ýaşlaryň maglumat tehnologiýalarynda kämil bolmagy sanly ykdysadyýete ösdürmekde uly rol oýnaýar. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän senagat kärhanalarynda dünýäniň ösen tehnologuiýalary ornaşdyrylýar. Döwlet maksatnamalarynyň doly derejede amala aşmagy üçin sanly ykdysadyýete easy orunlaryň birini eýeleýär.

Biziň ýurdumyzda kadalaşdyryjy hukuk namalary sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň hukuk esaslary bolup hyzmat edýär. Şol kanunçylyk namalarynda Döwlet maksatnamalarynyň doly amala aşyrylmagyna gönükdirilen ugurlaryň bolmagy has-da buýsandyryjydyr.

Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi netijesinde önümçilige täze tehnologiýalar we dünýä tejribesi ornaşdyrylýar. Iri senagat desgalarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýokary ösüşleriň gazanylmagynyň kepildir.

 

Merdan Hommatmyradow,

Halaç etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ikinji derejeli ýurist.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: