Mekdep okuwçysy COVID-19-y bejerer ýaly derman ýasamaga kömek etjek açyş etdi

Oct 21, 2020

ABŞ-niň Tehas ştataynyň ýaşaýjysy Anike Çebrolu häzir 14 ýaşynda. Şeýle ýa’dygyna garamazdan bu gyz pandemiýanyň garşysyna göreşmäge saldamly goşant goşdy. Alymlar onuň oýlap tapan açyşynyň lukmanlara COVID-19-y bejermek üçin derman ýasamaga kömek edip bilen diýip çaklaýarlar. Bu barada mail.ru ýazýar.
Çebrolunyň açyşynyň ähmiýeti şundan ybarat: mekdep okuwçysy koronawirusyň SARS-CoV-2 çykyndylaryny baglaýan hem-de öýjüklere ýapyşmagynyň öňüni alýan molekulany modelirlemek başartdy. Bu molekulanyň kömegi bilen geljekden koronawirusy «ýaragsyzlandyrýan» derman döretmek mümkin.
Bu açyş Çebrola amerikada ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän «3M Young Scientist Challenge» bäsleşiginde ýeňiş hem-de ABŞ-niň 25 müň dollary möçberinde baýrak getirdi. Çebrolu indiki ädim bu açyşy tejribede ulanmak bolar diýýär. Gyz COVID-19-y bejerer ýaly derman gözleýän alymlar hem-de wirusologlar bilen işlemegi arzuw edýär.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: