DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýuliýa Peresild we Klim Şipenko älemde özlerini kadaly duýýarlar

Kosmonawtlary taýýarlaýan Merkeziň (KTM) hünärmenleri häzir älemde «Çagyrma» atly çeper filmi surata düşürýän aktrisa Ýuliýa Peresildiň we režissýor Klim Şipenkonyň özlerini duýuşlaryny kesgitlediler. Bu barada «Роскосмос»-yň baş direktory Dmitriý Rogozin özüniň Telegram-akkauntynda habar berdi, diýip, «lenta.ru» ýazýar.

«KTM-niň lukmanlary älemdäki uçuşa gatnaşyjylaryň özlerini duýuşlarynyň kadalydygyny, üýtgeşmeleriň ýokdugyny belleýärler. Ştatdan daşary ýagdaýlar ýok. Meýilnama boýunça işleýärler» — diýlip, çap edilen maglumatda aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: