TÜRKMENISTAN HABARLARY

Eksportda täze mümkinçilik

Merkezi Aziýada oba hojalyk önümlerini öndürijileriň aglabasy söwda bazaryny sebitden daşary hem giňeltmäge taýýar. Şu sebäpden, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş gullugy (USAID) Merkezi Aziýa ýurtlaryndan miwe we gök önümleri eksport edýän taraplaryň sanawyny neşir etdi. Bu sanawy düzmekden maksat dünýä alyjylary üçin maglumat goruny döretmekden ybaratdyr. Bu barada turkmenportal.com
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan miwe we gök önümleri eksport edijileriň 120-den gowragyny öz içine alýan sanawda türkmenistanly telekeçiler barada hem jikme-jik maglumatlar bar.
Neşiriň aýratynlygy onuň okyjylary Merkezi Aziýadan miwe we gök önümlerini eksport bazarlaryna çekmek üçin ulagyň bahasy bilen tanyşdyrýandygydyr.
Sanaw import edijiler, paýlaýjylar, bölek satyjylar we halkara söwda ýarmarkalaryny guraýjylar üçin amaly gollanma bolup hyzmat edýär.

Mähri GURBANÝAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply