DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäniň iň uzyn köprüsi

Bu derejä Hytaýyň Danýan-Kunşan köprüsi eýelik edýär. Ýurduň Şanhaý we Nankin șäherlerini birleşdirýän ýokary tizlikli bu demirýol köprüsi uzynlygy we gurluş aýratynlygy bilen haýran galdyrýar.

Köpri otly gatnawy üçin niýetlenilen hem bolsa onda awtoulaglar üçin ykjam geçelgeler bar. Ýanszy derýasyny, Ýançenhu kölüni ýene-de suwly we daglyk ýerleriň köpüsini kesip geçýän bu köprüde birnäçe geçelgeler we beketler ýerleşýär.

Beton sütünlerden gurlan köpri 8 bally ýertitremä we sunami tolkunlaryna çydamlydyr.

2011-nji ýylda işläp başlan, uzynlygy 164,8 kilometrden gowrak bolan köpri Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.

Danýan-Kunşan ýurduň diňe ulag düzüminiň bir bölegi bolmak bilen çäklenmän, ol syýahatçylyk zolaklarynyň hem biridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: