BILIM

Mekdep okuwçylaryna 60 golaý hünär hödürleniler

Şu okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary üçin bilim ojaklarynda dürli hünärleri öwrenmäge mümkinçilik dörediler. Bular barada welaýat baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň hünärmeni Ogulgerek Hudaýberdiýewa welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 26-njy maddasynyň ýedinji bölegine laýyklykda täze okuw ýylyndan ýurduň orta mekdeplerinde hünär ugurly okuwlar guralyp başlanar. Bu okuwlar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan okuw meýilnamalary we okuw maksatnamalary esasynda okadylar.

Has takygy, orta mekdeplerde okuwçylara umumybilim edarasy bilen ýerli ýerine ýetiriji edaralar bilen ylalaşylan işçi we gullukçy hünärleri öwretmek göz öňünde tutulýar. Okuwçylara hepdede 2 sagat hünär ugurly okuwlar guralar. Orta mekdepleriň mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp, 11—12-nji synplarda okaýan okuwçylara kompýuter sowatlylygynyň esaslary, agaç ussasy, biçimçi-tikinçi, halyçy, kompýuteriň operatory, kätip-çap ediji, buhgalter hasabynyň esaslary, telekeçilik işjeňligine giriş, toý dabaralarynyň dizaýneri ýaly hünärler öwrediler. Elektron resminama dolanyşygy, fermer hojalygynyň operatory, öý hojalyk elektroabzallaryny abatlaýjy slesar, telekeçilik ulgamynyň menejmenti, mülkdar-ekerançy ýaly hünärleri ele alan ýaşlara-da durmuşyň gapylary giňden açylar. Indi mekdep okuwçylary üçin 60-a golaý täze hünärleriň birini ele almaga mümkinçilik dörediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: