BILIM

Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurlar  

Onuň gurluşygyna 2022-nji ýylyň aprel aýynda girişiler we desga 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar. Okuw jaýy «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň karzynyň hasabyna gurlar.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy.

Resminamada okuw jaýynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň çalt depginli ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen şeýle karara gelinendigi barada aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: