BILIM

Agrar partiýa Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de ylmy-amaly maslahat geçirdi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň bu ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde guramaklarynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: mukaddes ynama wepaly nesil» diýen mowzukda ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda ýaş nesle çuňňur ylym-bilim we asylly terbiýe berme-giň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeleri, okatmagyň täze, işjeň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem häzirki wagtda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze binasyny gurmak baradaky taslamanyň hem durmuşa geçirilip başlanandygy hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: