BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI mekdep okuwçylarynyň arasynda dört ders boýunça Internet olimpiadalaryny geçirer

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça internet olimpiadalary geçirýändigini habar berýär.

Internet olimpiada saýlama we jemleýji tapgyrlar diýlip atlandyrylýan iki tapgyrda geçiriler. Saýlama tapgyryna ýurduň welaýatlarynyň her etrabyndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden (welaýatlaryň etrap derejeli şäherlerinden), şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrligine degişli bolan beýleki umumy bilim berýän orta mekdeplerinden 5 (bäş) sany okuwçy gatnaşyp biler.

Olimpiadanyň saýlama tapgyry 2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde welaýatlaryň merkezi şäherlerinde welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýardamy bilen, institutyň guramaçylyk toparynyň agzalary tarapyndan geçirilýär. Jemleýji tapgyr matematika, fizika dersleri boýunça 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde hem-de himiýa, biologiýa dersleri boýunça 12-nji aprelinde geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: