YKDYSADYÝET

«Marydemirbeton» önümleri kärhanasynda işleriň depgini ýokary

«Marydemirbeton» önümleri kärhanasy boýunça ýylyň ilkinji alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň bahasy 28 million 518 müň 45 manada deň bolup, 129,63 göterim ösüş gazanyldy. Gurluşyk işleri boýunça ýerine ýetirilen meýilnama bolsa 14 million 328 müň 375 manada deň bolup, ol 200 göterimden hem geçdi. Kärhanada keramzit, gurluşyk-gurnama plitalaryny öndürmekden daşary, onuň kerpiç zawodynda beton guýma kerpiji-de taýýarlanylýar. Şonuň ýaly-da, kärhananyň işgärleri Baýramaly şäherinde medeni-durmuş maksatly desgalary we döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işlerinde-de işjeňlik görkezýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: