YKDYSADYÝET

Hytaýyň «International Ltd.» Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) ýer bölegi kärendä berildi

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga laýyklykda işleýän Hytaýyň «International Ltd.» Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) ýer bölegi kärendä beriler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 1–nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bu barada degişli Buýruga gol çekdi.

Şol ýer bölegi ady agzalan şertnamalaýyn çägiň bir böleginde ýerleşen gazly ýataklaryň ýerüsti desgalary üçin niýetlenen suw üpjünçilik ulgamlaryny çekmek üçin niýetlenýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: