YKDYSADYÝET

Mary döwlet elektrik stansiýasynda 2022-nji ýylyň meýilnamasy 120,4 göterim ýerine ýetirildi

Mary döwlet elektrik stansiýasynda 2022-nji ýylda 13 milliard 797 million kilowatt-sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi. Netijede elektrik energiýasyny işlemek boýunça ýyllyk meýilnama 120,4 göterim berjaý edildi.

Geçen ýyl öndürilen elektrik energiýasynyň 9 milliard kilowatt-sagatdan gowragy 2018-nji ýylda işe girizlen kombinirlenen bug-gaz elektrik stansiýasynyň paýyna düşýär. Mary DES-inde öndürilen elektrik energiýasy ilata, şonuň ýaly-da senagat kärhanalaryna we durmuş-medeni maksatly binalara bökdençsiz berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: