YKDYSADYÝET

Köýtendag etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hünärmenleri daýhanlara hyzmat edýärler

Köýtendag etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa, gowaça we beýleki ekinlere ideg etmekde tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanylýar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary şu ýylyň geçen üç aýynda meýilleşdirilen 1 million 656 müň manatlygyň ýerine 2 million 651 müň 420 manatlyk oba hojalyk işlerini ýerine ýetirdiler. Daýhan hojalyklarynyň 4-si we önüm öndürijileriň 470-den gowragy kärhananyň hyzmatyndan hoşal. Mehanizatorlar gowaça ekilen 9100, bugdaý ekilen 10600 gektar meýdanda önüm öndürijileriň buýurmalaryny ýokary hilli we öz möhletinde ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Şu ýyl kärhana tarapyndan 7 million 394 müň manatlyk oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmek meýilleşdirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: