JEMGYÝET

Mekdep okuwçylary ýangyn söndürijileriňkide myhmançylykda boldular

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary  Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň ýangyn-tehniki merkezinde myhmançylykda boldular.

Bu ýerde olar olar ýangyn söndürijileriň işleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Merkezde ýangyn howpsuzlygy gullugynyň döreýşi we geçen ösüş ýoly hakynda gürrüň berýän gyzykly maglumatlar toplanylypdyr. Şeýle hem, ýangyn howpuna garşy göreşmäge niýetlenilen serişdeleriň dürli nusgalyklary goýlupdyr. Mekdep okuwçylary olary gyzyklanma bilen synladylar. Öz işleriniň ussatlary, köpýyllyk tejribesi bolan ýangyn söndürijiler ýaşlara batyrlygy we edermenligi talap edýän hünärleri bilen baglanyşykly bolup geçen wakalary gürrüň berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: