YKDYSADYÝET

Türkmenistanda çaga welosipedleri öndürilip başlanar

 «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde çaga welosipedlerini öndürip başlamagy göz öňüne tutýar. Mekdebe çenli ýaşly körpelere niýetlenen welosipedler «Şöhle plastik» haryt nyşany bilen söwda nokatlaryna ugradylar. Şonuň ýaly-da, bu ýerde polipropilenden oturgyçlary hem çykaryp başlarlar.

Önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti plastmassadan öý hojalyk harytlarynyň, çaga oýnawaçlarynyň dürli görnüşlerini öndürýär. Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji bolup laminatdan düşegiň önümçiligi hem ýola goýuldy.

«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti önümlerini Russiýa, Gazagystana we Belarus Respublikasyna eksport edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: