DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Aýda gowaça ösýär

Hytaýly alymlaryň «Cane-4» kosmos missiýasynyň çäginde Ýeriň tebigy hemrasynyň ýowuz şertlerinde geçiren barlaglary ol ýerde gowaçanyň gowy ösýändigini görkezdi. 

Munuň üçin Aýyň däl-de, Ýeriň topragyndan peýdalanyldy. Barlagyň maksady pes dartyşyň we radiasiýanyň bu ekiniň ösüşine edýän täsirini öwrenmekden ybarat boldy. Bu saýýarada ekinlere zyýankeşleriň ýokdugy sebäpli olara garşy göreşmek üçin himiki serişdeleri ulanmak zerurlygy aradan aýrylýar. 

Oba hojalyk ekinleriniň kosmosda ösdürilip ýetişdirilmegi uzak möhletli uçuşlary goldamakda hem-de beýleki saýýaralara azyk önümlerini daşamakda ýüze çykýan kynçylyklary aradan aýyrmakda ähmiýetlidir

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: