JEMGYÝET

Ýakyn wagtda Saýat etrabynda iki sany täze orta mekdep ulanylmaga berler

Saýat etrabynyň Lebaby hem-de Çowdur geňeşliklerindäki her biri 600 orunlyk iki mekdebiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Olary täze okuw ýylyna çenli ulanylmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Lebaby geňeşligindäki täze mekdebiň gurluşygygyny «Döwletli dostlar», Çowdur geňeşligindäki mekdebiň gurluşygyny «Ussa Tirkeş» hususy kärhanalary alyp barýarlar. Täze mekdepiň hersinde okuw otaglarynyň 43-si, iki sany sport zaly, 200 orunlyk mejlisler zaly, ýene şonça orunlyk naharhana, kitaphana, tejribehanalar, zähmet otagy, açyk sport meýdançasy we beýleki goşmaça bölümler bar. Binalaryň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen etrapdaky orta mekdepleriň sany 40-a ýakynlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: