JEMGYÝET

Lebaply mugallym halkara bäsleşikde birinji orna mynasyp boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Biologiýa we okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Aýjahan Welýanowa «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşikde birinji orny eýeledi. Bäsleşigiň ýeňijileri paýtagtda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde yglan edildi.

Bäsleşik şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilipdi.

Bäsleşige türkmenistanly ýaşlar bilen bir hatarda Azerbaýjan, Belarus, Wýetnam, Gruziýa, Gazagystan, Hytaý, Malaýziýa, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly döwletlerden ýaş alymlar, oýlap tapyjylar hem-de hünärmenler öz ylmy işlerini we taslamalaryny hödürlediler.

Bäsleşigiň netijelerine görä 45 sany ýeňiji yglan edildi. Olaryň 9-sy birinji, 14-si ikinji, 22-si bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: