Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde täze dermanhana işläp başlady
Tejen şäherinde täze açylan dermanhanada Türkmenistanda öndürilýän, şeýle-de Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, dürli lukmançylyk önümleri, keselleri anyklaýyş enjamlary hödürlenilýär. Mundan başga-da, dermanhanada weterinar bölüm bar. Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan hem-de degişli talaplara laýyk gelýän täze dermanhana «Tebigat Çeşmesi» hususy kärhanasyna degişlidir.
Arakesmesiz we dynç günsüz işleýän dermanhananyň işgärler düzüminde farmasewtler, maslahatçy-lukmanlar we weterinarlar bar. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen dermanhana sanly ulgama birikdirildi. Bu ýerde dermanlyk serişdeleriň söwdasy nagt we nagt däl görnüşde amala aşyrylýar.
Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.