JEMGYÝET

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň repertuarynda — «Zoluşka»

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda ýanwar aýynda çagalar «Bremenli sazandalar», «Girdenek we Karlson», «Gyzyl şyrdajyk», «Sere boýly gyzjagaz», «Prostakwaşinoly üçler», «Zoluşka» atly ajaýyp çaga oýunlaryna tomaşa etdiler, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Baryp-ha 2000-nji ýyldan-da ozal Renat Ismailow tarapyndan goýlan «Zoluşka» oýny muňa mysal bolup biler. Bu oýun studiýa-mekdebiň okuwçylary üçin diplom işidi, ýöne ol şeýle bir şowly çykdy welin, henize çenli sahnadan düşmän gelýär.

Ýaş aktrisa Anna Hommadowa Zoluşkanyň keşbini ýerine ýetirdi. Ol, hakykatdan-da, Zoluşka hökmünde kabul edilýärdi – näzikdi, hoşgylawdy. Aýlar Baýramowanyň ýerine ýetiren syratly hem gözel jadygöýi, hakykatdan-da, hut jadygöýüň özüdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Larisa Kosonogowa şermende öweý enäniň keşbini şeýle bir «ýerine ýetirip» oýnady welin, bu keşbiň hötdesinden başga biriniň şondan gowy gelip biljegini göz öňüne getirmek-de kyndy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: