BILIM

Lebaply mekdep okuwçylary döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri boldular

Lebaply okuwçylaryň birnäçesi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilen «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly ders bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.

Bu bäsleşik Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 9 ― 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, himiýa, biologiýa we iňlis dili dersleri boýunça geçirildi.

Bäsleşik deslapky tapgyrlar bilen bilelikde jemi üç tapgyrdan ybarat boldy. Onuň jemleýji tapgyry bolsa 120 okuwçynyň arasynda uniwersitetiň özünde 10 günlük tomusky dynç alyş okuwy görnüşinde geçirildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Kerki etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň okuwçysy Gurbangeldi Kakajanow, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary Welnazar Söýünow, Begli Ezizow, welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçylary Şatlyk Mätkulow, Enegül Rozyýewa  dagylar baýrakly orunlaryň eýeleri boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: