Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň hünär-tehniki okuw mekdebinde gutardyş döwlet synaglary başlandy
Şu gün Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde gutardyş döwlet synaglary başlandy. Döwlet synaglaryna talyplaryň 400-e golaýy gatnaşýar.
Iri hünärler ojagy ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň, şeýle-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň kärhanalary üçin hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýerde tamamlanýan okuw ýylynda ýaşlara hünärleriň 9-sy boýunça bilim berildi. Olar nebit-himiýa önümçiliginiň operatory, nebit we gaz ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator, barlag ölçeg enjamlaryny we awtomatikany sazlaýjy hünärlerine uly isleg bildirýärler.