BILIM

«Makul sözlüge» rus dilini hem öwretdiler

Türkmen, iňlis, türk dillerindäki ilkinji online akylly «Makul sözlük» sözlügine indi rus dilini hem goşdular. Bu barada «atavatan-turkmenistan.com» habar berýär.

Indi «Makul sözlükden» (www.makulsozluk.com)  haýsyda bolsa ýokarda agzalan dilleriň birindäki söz «gözleg» edilse, onuň 4 dildäki terjimesini bilip bolýar. Sözlügi telefona ýükläp hem bolýar. «Makul sözlük» offline hem işleýär, bu bolsa internet bolmadyk ýerlerde hem ulanmak mümkinçiligini berýär.

Sözlükde jemi 18388 iňlis, 25260 sany türkmen, 21933 sany türk, 24957 sany rus dilindäki sözler bar.

Sözlük  «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň amala aşyrýan taslamasydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: