SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçi Türkmenistanyň çempionatynda üçünji orny eýeledi

Lebaply küştçi Wepaly Halnyýazow ýakynda 20 ýaşa çeni ýaşlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda üçünji orny eýeläp, erkekleriň arasyndaky milli çempionatyň Ýokary ligasynda ýaryşmaga hukuk gazandy.

Türkmenistanyň iň güýçli ýaş küştçüleriniň arasyndaky ýaryşda Wepaly paýtagtly türgenler Azat Nurmämmedowdan we Amanmuhammet Hommadowdan soň hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Ol mümkin bolan 9 utukdan 7-sini toplamagy başardy.

Şu ýyl 18 ýaşyny doldurýan Wepaly FIFA-nyň reýtinginde 1911 utugyň eýesi. Ol 2019-njy ýylda Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda hem birinji orna mynasyp bolupdy. Ýakynda geçirilen welaýat ýaryşynda bolsa ikinji orny eýeläpdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: