YKDYSADYÝET

«Kökçi» hojalyk jemgyýetinde önümçiligi giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar

«Kökçi» hojalyk jemgyýetinde önümçiligi giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar.Häzirki günlerde hindi we hytaý kompaniýalaryndan satyn alnan enjamlary gurnamak we düzetmek işleri dowam edýär. Ol işe girizileninden soň önümçiligiň möçberini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

«Kökçi» hojalyk jemgyýeti Türkmenabadyň himiýa zawody bilen hyzmatdaşlykda awtomobiller üçin «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» kysymly 60, 65, 75, 90, 100 we 190 watt sygymly akkumulýatorlary çykarýar. Üstümizdäki ýylyň birinji aýynda bu ýerde önümiň 4636 sanysy öndürildi. Bu 2021-nji ýylyň şu döwründäkisinden 100-den hem köpdür.

Geçen ýyl hojalyk jemgyýetinde 45 müň 690 sany akkumulýator öndürildi. Onuň 16 müň 800-e ýakyny Owganystana iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: