SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply mekdep okuwçylary Belarusda iki medal gazandylar

Şu günler Belarus Respublikasynda dowam edýän GDA-nyň II oýunlarynda lebaply dzýudoçylar medallaryň ikisine mynasyp boldular.

Zenanlaryň arasynda 40 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Türkmenabat şäherindäki 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Dilara Kandymowa güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykyp, Oýunlaryň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Edil şeýle üstünligi dzýudo boýunça 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiniň okuwçysy Nasiba Narimanowa hem gazandy. Ol bürünç medal ugrundaky duşuşykda ýerli türgenden rüstem geldi.

GDA-nyň II oýunlarynyň medalçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ilkinji ädimlerini gündogar sebitde äden türgenler hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: