JEMGYÝET

Lebaply hususyýetçiler Aşgabatda geçirilen sergä gatnaşdylar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilen iri sergide öz işlerini
Lebap welaýatynda alyp barýan hususyýetçiler hem diwarlyklaryny guradylar.Bu barada welaýat neşiri habar berýär. Olaryň arasynda «Türkmen ýyldyzy», «Altyn bürgüt», «Mizemez gadam»,«Ýörite geýimler dünýäsi», «Ebedi miras dowamaty» ýaly hususy kärhanalar, «Kökçi», «Ak bulut» hojalyk jemgyýetleriniň kärhanalary, «Tebigy ekin» daýhan hojalygy bar. Sergi türkmen hususyýetçileriniň täze mümkinçilikleri bilen tanyşmaga şert döretdi. Bu serginiň Türkmenistanda her ýyl yzygiderli geçirilýändigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: