YKDYSADYÝET

«Lebapgazçykaryş» müdirliginde geçen on aýda ösüş depgini 145 göterime golaý boldy

«Lebapgazçykaryş» müdirliginde ýylyň başyndan bäri  10 milliard 212,7 million kub metrden gowrak «mawy ýangyç» gazylyp alyndy, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Netijede tebigy gaz öndürmek baradaky ýyllyk meýilnama möhletinden ep-esli öň üstünlikli berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 145 göterime golaý boldy. Şeýle netijeler guýularyň önüm berijiligini artdyrmak, işlemän duran guýulary abatlamak arkaly gaýtadan işe girizmek, işgärleri yhlasly we ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmak arkaly gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: