TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň soraglaryna jogap berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe teleýaýlymlarynyň we abraýly metbugat serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy.

Ol «CCTV», «CGTN in Russian» telekompaniýalarynyň we «Ženmin žibao» gazetiniň hem-de «Sinhua» habarlar agentliginiň adyndan sowal berdi.

Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.