MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Lebap welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Lebap welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreler guraldy.
Lebap atçylyk sport toplumynda maslahat, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli guralan sergide nakgaşlar öz suratlaryny görkezdiler, at esbaplary goýuldy. Welaýatyň sungat işgärleri konsert programmasy bilen çykyş etdiler.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda nakgaşlaryň arasynda türkmen bedewine bagyşlanan bäsleşigiň netijeleri yglan edildi. Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, welaýat kitaphanasynda, welaýat çagalar kitaphanasynda, etrap kitaphanalarynda bu baýrama bagyşlanan sergiler, edebiýat agşamlary geçirildi. Bu senä bagyşlanan çäreler ähli etraplarda guraldy.
Bu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde geçirilýär. Şu gün agşam Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda goşa baýrama bagyşlanan dabaraly konsert bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply