YKDYSADYÝET

Lebapda gowaça gülledi

Lebap welaýatynyň günorta etraplarynda gowaçalar köpçülikleýin gülläp başlady.

Şu ýyl günorta etraplarda gowaçanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 34», «S — 2606», «F — 123» ýaly sortlarynyň ekilmegi irki hasylyň emele gelmegine şert döredýär.

Häzir günsaýyn hasylyň alamatlarynyň köpelmegi gowaçanyň ideginiň ýetikdigini görkezýär. Indiki wezipe ony zyýankeşlerden goramak. Şonuň üçin welaýatyň etraplarynda bar bolan biofabriklerde, biobarlaghanalarda zyýankeşlere garşy ulanylýan möjejikleri öz wagtynda janlandyrmak işi ýola goýuldy. Bu işlere jogapkär hünärmenler daýhanlar bilen gowaçaly meýdanlary gözden geçirýärler. Gowaçalaryň hatar aralary ýumşadylanda, kultiwator güllere zyýan ýetirmez ýaly, olara polietilen haltalar geýdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: