BIZE YAZYARLAR

“Batly gadam” ösüşlerde

       Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallarynyň netijesinde, ata Watanymyzyň medenýetini, sungatyny ösdürmekde, ony dünýä çykarmakda, edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde düýpli öňegidişikler gazanyldy. Ýaş zehinlileri ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny goldamak, ösdürmek üçin amatly şertler döredildi. Ýurdumyzda hormatly Arkadagymyzyň yglan etmeginde geçirilýän “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigi, şeýle hem onuň çägindäki höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!”, aýdym-saz bilen meşgullanýan çagalaryň arasyndaky “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” ýaly bäsleşikli çäreler döwlet möçberinde geçirilip, zehinli nesilleriň öňe çykmagyna ýardam edýär. Şeýle ýaş zehinlileriň biri hem Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň ýaş mugallymy Gülnara Jorakulowadyr. Ýaş saz söýüjiniň saz döredijiligi hakynda, sungat äleminde edýän işleri, geljekdäki maksatlary we ýolbaşçylyk edýän “Batly gadam” skripkaçylar ansambly barada giňişleýin duryp geçeliň.

       “Hünäri öwrende, ýigren” atalar sözüni özüne ýörelge edinen, Gülnara mugallymyň saza bolan ukyby ýaşlykdan döreýär. Saza bolan höwesi ony 8 ýaşynda Türkmenabat şäheriniň çagalar sungat mekdebine alyp barýar. Gülnara mugallym öz hünäriniň ussady Swetlana Jabbarowanyň irginsiz zähmeti we goldawy netijesinde skripka saz guralyny ýerine ýetirmegiň täsin we inçe tärlerini öwrenýär. Çagalar sungat mekdebini tamamlap, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň skripka hünärine okuwa girýär. Okan döwründe özüniň artykmaçlygy, ýerine ýetirijiligi, talantlygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň ýörite sungat mekdepleriniň arasynda geçirilen hünär bäsleşiklerinde öňdäki orunlary eýeleýär. Ýörite sungat mekdebini tamamlandan soň, Gülnara mugallym  Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebine işe göýberilýär. Mugallym atly hormatly ada eýe bolan ýaş hünärmen, özüniň ýaşlygyna garamazdan, skripka saz guraly boýunça çagalara bilim berip başlaýar. Başarjaňlygy, öňde baryjylygy  bilen özüni tanadan Gülnara mugallym “Batly gadam” atly skripkaçylar ansamblyna ýolbaşçy wezipesine bellenilýär. Özüniň yhlasyny gaýgyrman işleýän ýaş mugallymyň ýolbaşçylyk edýän “Batly gadam” skripkaçylar topary diňe welaýatymyzda däl, eýsem ýurdymyzda belli skripkaçylar ansamblyna öwrüldi. Welaýatymyzda her ýyl geçirilýän bäsleşikde 1-nji orny eýelemegi, Gülnara mugallymyň irginsiz yhlasynyň miwesidir. Öz kärini söýýän we edýän işinden lezzet alýan ýaş mugallym öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär.

      “Dünýä nusgawy kompozitorlarynyň we türkmeniň ruhuny, milliligini, watansöýijiligini öz sazlarynda beýan eden türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ägirtleri Ç. Nurymowyň, W. Muhatowyň, N. Halmämmedowyň, R. Allaýarowyň we başga-da birnäçe türkmen kompozitorlarynyň döreden eserlerini biziň skripkaçylar ansamblymyz ýerine ýetirýar. Kompozitorlaryň döreden eserleri bilen bir hatarda, skripka ansambly üçin täzeden işlenen türkmen halk sazlary diňleýjileriň gözellik duýgularyna oňyn täsir edip, olaryň ruhyny belentde göterýär. Berkerar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp durmuşy hakyndaky toýly günlerimizi many-maňyzly sazlaryny, aýdymlaryny halka ýetirýan ussat kompozitorlarymyzyň S. Tüýliýewiň, R. Rejepowyň, B. Hudaýnazarowyň, D. Hydyrowyň Watan, gahrymançylykly, söýgi hakyndaky sazlaryny biziň “Batly gadam” skripkaçylar ansamblymyzyň ýerine ýetirmeginde ösüşleriň waspy bolup, welaýatymyzda döwlet derejesinde geçirilýän şanly baýramçylyklarymyzda belentden ýaňlanmagy meni diýseň guwandyrýar”.

     Ýakynda hem Lebap welaýatynyň çagalar sungat mekdepleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde ýaş mugallymyň skripkaçylar ansambly, ýaş mugallym Adalat Bäşimowanyň sazandarlyk etmeginde, Eguard Pudowoçkin “Moldawýan tansy”, Rejep Rejepow “Armanym” we Aleksandr Arutýunýan “Eksprom” eserleri ýerine ýetirdiler we saz söýüjiler tarapyndan uly hormata mynasyp boldylar.  Bäsleşikde 3-nji orny eýelän “Batly gadam” skripkaçylar topary gymmat bahaly sowatlar we Hormat hat bilen sylaglandy.

        Ata Watanymyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüp barýan ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdyna öwrüldi. Ýaşlaryň dünýä ylymyna, medenýetine düýpli aralaşmagyny üpjün etmek, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek işleri döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ýokary tehnalogiýalarda peýdalanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

  Türkmen ýaş neslimize kämil derejede bilim-terbiýe bermäge, hünär öwretmäge, dünýä ýurtlarynyň medenýetini, sungatyny, taryhyny öwrenmäge döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys!

Turkmenabat saherinin 2-nji cagalar sungat mekdebinin

mugallymy Ayna Hudayberdiyewa. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: