YKDYSADYÝET

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda işler bellenilen depginde alnyp barylýar

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda ýanwar aýynda 861 inedördül metr haly dokaldy. Netijede  1 million 742 müň manatlyga ýakyn iş ýerine ýetirildi.

Bu ýerde buýurmalaryň esasynda dürli ölçegdäki haly we haly önümlerini dokaýarlar. Kärhananyň önümlerini edaralar, kärhanalar satyn alýarlar. Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasyny hem halyçylaryň ellerinden çykan önümleriň birnäçesi bezeýär.

Geçen ýyl halyçylar haly we haly önümleriniň 9 müň 329 inedördül metrini dokadylar. Munuň özi 20 million 11 müň manatlyga ýakyn önümiň taýýarlanylandygyny aňladýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: