Unaş öndürmekde meýilnama 120 göterim ýerine ýetirildi

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň garamagyndaky kärhanalar boýunça geçen ýylyň 12 aýynda unaş önümleriniň 960 tonnasy öndürildi. Bu geçen ýyl boýunça bellenilen meýilnamanyň 120 göterim berjaý edilendigini görkezýär. Bu ýokary önümçilik görkezijilerinde Türkmenabadyň 2-nji çörek kärhanalarynyň işgärleriniň hyzmatynyň uludygyny bellemek gerek. Öndürilen önümleriň agramly bölegi hut şu kärhana degişlidir. Kärhananyň işçileri islegli önümiň ýokary hilli dürli görnüşleri yzygiderli öndürmekde we yzygiderli ilata ýetirmekde işjeňlik görkezýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector