YKDYSADYÝET

«Lebapbalyk» hojalyk jemgyýeti ilaty balyk bilen üpjün edýär

«Lebapbalyk» hojalyk jemgyýetinde ýylyň başyndan bäri 300 tonnadan gowrak balyk ilata ýetirildi. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 500 tonna ýetirilmegine garaşylýar.

Hojalyk jemgyýetine degişli bolan Kerki etrabyndaky «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy», Darganatadaky «Düýeboýun» suw howdanlarynda we Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Farap etrabyndaky «Soltandag» kölünde balyk tutmak alnyp barylar.

«Lebapbalyk» hojalyk jemgyýeti indi dört ýyl bäri bu önüm bilen ilaty üpjün edip gelýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: