YKDYSADYÝET

Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurulýan binalar üçin haly dokaýarlar

Ahal welaýatynyň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynda şu ýylyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen önümçilik işleriniň görkezijileri görä, 3 million 740 müň manada golaý iş edildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 100,4 göterime barabar ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär.

Kärhanada buýurmalar esasynda dürli ölçegdäki halylary, sowgatlyk halyçalary dokamak işi bökdençsiz alnyp barylýar. Şu günler bolsa Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynda welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan edaralar, medeni-durmuş maksatly binalar üçin dürli ölçegdäki halylaryň birnäçesi dokalýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: