YKDYSADYÝET

Türkmenabatda ýylda 5 tonnadan gowrak künji ýagy öndürilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Göwher Jumaýewa Lebap welaýatynyň çäginde döwlet tarapyndan bölünip berlen 5 gektar ýer böleginde ýetişdirýän künji hasylyndan «Nurber» haryt nyşanly künji ýagyny öndürýär.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän bu kärhanada künji ýagynyň ýylda 5 tonnadan gowragy öndürilip, ýurduň söwda nokatlaryna ugradylýar.

Ýygnalan hasyl gönüden-göni önümçilikde peýdalanylyp, munuň daşyndan ýerli telekeçilerden hem ýokary hilli künji hasyly alynýar.

Künji ýagynyň düzümi ynsan saglygyny berkitmek üçin dürli maddalara baý bolup, ol, aýratyn-da, aşgazanda oňat özleşýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: