YLYM WE TEHNIKA

Özbegistanda COVID-19-a garşy iýilýän waksina döredildi

Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Genomika we bioinformatika merkeziniň hünärmenleri koronawirusa garşy iýilýän waksinany işläp taýýarladylar. Bu barada özbekleriň Sevimli ýaýlymyndaky Zamon gepleşiginde habar berildi diýip, Sputnik Özbegistan ýetirýär.

«Biz klonlamak arkaly ösümligiň öýjügine koronawirus girizdik. «Waksina edilen» pomidory iýenden soň, ol adamyň bedenine düşýär we pomidoryň öýjüklerinden antibedenjikler bölünip çykýar» – diýip Merkeziň hünärmenleriniň biri habar berýär.

Alymlar bu taslamanyň üstünde şu ýylyň ýanwaryndan bäri işläp gelýärler. Pomidoryň we hyýaryň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däl, çünki bu önümler termiki taýdan gaýtadan işlemä sezewar edilmeýär. Ýagny ýokary temperaturalarda antibedenjikleri bölüp çykarmaly öýjükler dargaýar we bu hili waksina peýdasyz bolýar.

Dürli ýurtlaryň alymlary iýilýän waksinalary synagdan geçirýärler. Russiýada we Kanadada süýt we süle önümleriniň esasynda waksinalar işlenip düzülýär. Bu hili waksinalaryň kliniki synaglary tamamlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: