JEMGYÝET

Oba hojalyk pudagy üçin zerur bolan orta bilimli hünärmenler taýýarlanylýar

Türkmenabatdaky Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde oba hojalyk pudagy üçin zerur bolan orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýarlar.
Orta hünär okuw mekdebine her ýyl talyplaryň 450-si dürli ugurlar boýunça okuwa kabul edilýär. Okuwlar tejribe bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Talyplar oba hojalyk ulgamyna degişli edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde önümçilik tejribeliklerinde bolup, özleriniň hünär kämilliklerini yzygiderli artdyrýarlar.
Orta hünär okuw mekdebiniň 53 gektar okuw-tejribe meýdany bolup, onuň esasy böleginde oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleri gezekleşdirilip ekilýär. Mekdebiň ýyladyşhanalarynda limon, banan, papaýýa, şeýle-de beýleki subtropik ösümlikleriň we gülleriň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.
Bu mekdepde bilim alan agronomlar, mal lukmanlary, ykdysadyýetçiler we beýleki ugurlar boýunça hünärmenler Lebap welaýatynyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply