17 müň 500 tonna golaý buýan köki taýýarlanyldy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň işgärleri geçen ýyl 17 müň 500 tonna golaý çyg görnüşdäki buýan köküni ýygnadylar. Bu meýilnamadan 300 tonna köpdür.
Basylyp baglanylan, kesilen we gyýkymlanyp dogralan buýan köküniň jemi 3 müň tonna golaýy, onuň goýy we gury ekstraktynyň 1 müň 300 tonnasy taýýarlanyldy. Buýan köki we ondan taýýarlanylan önümler Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaýa, Ýaponiýa, Fransiýa, Hindistana, Serbiýa we beýleki ýurtlara eksport edilýär.
Buýan köki we ondan alynýan önümler azyk we derman senagatynda giňden peýdalanylýar. Mysal üçin, häzirki wagtda öndürilýän derman serişdeleriniň 350-den gowragynyň düzümine goşulýar. Glisirrizin turşusynyň esasynda allergiýany, sowuklamany, bronh demgysmasyny, süýjüli başy (ekzemany) bejermekde we wiruslara garşy ulanylýan dermanlar taýýarlanýar. Ýakynda bolsa Germaniýanyň Essen şäherindäki uniwersitetiň klinikasynyň alymlary buýan kökündäki glisirrizin turşusynyň koronawirusy ýok edýändigini hem ýüze çykardylar. Olar synag geçirmek bilen, suwda eredilen ekstaktyň koronawirusy güýçden düşürýändigini subut etdiler.