YKDYSADYÝET

«Miwe merkezi» hojalyk jemgyýeti öz önümlerini gaplaýar

«Miwe merkezi» hojalyk jemgyýetinde bir möwsümde 47800 sany şertli bankalar gaplanýar. Bu barada «Rysgal» gazetinde şeýle habar berilýär:

Gök-miwe önümlerini gaýtadan işleýän we gaplaýan bu hojalyk jemgyýetinde kädiden, käşirden, almadan jemler, erikden, garalydan, alçadan, almadan, üzümden, şetdalydan miwe şerbetleri taýýarlanylýar. Olar 480 gramlyk bankalara gaplanylýar. Çig mallaryň köp mukdary — gök-bakja ekinleri we miweli agaçlar hojalyk jemgyýetine degişli bolan 25 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilýär. Mundan başga-da, ýerli telekeçilerden, daýhanlardan gök-miwe önümleri şertnama esasynda satyn alynýar. Gaplama üçin zerur hasaplanýan bankalar we gapaklar ýerli önümlerdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: