JEMGYÝET

Lebap welaýatynda iň gowy wokal-instrumental toparlary we aýdymçylar ýüze çykarylýar

Lebap welaýatynyň etraplarynda «Şirin owazlar» atly bäsleşigiň saýlama tapgyrlary geçirildi. Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýalar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde yglan eden bäsleşigine wokal-instrumental toparlar we aýdymçylar gatnaşdylar.

Bäsleşik estrada toparlarynyň repertuarynyň aýdym-saz hazynasy bilen baýlaşdyrmak, olaryň kämil sungat ussatlary bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin mümkinçilikleri döretmek, zehinli ýerine ýetirijiler ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.

Toparlar we aýdymçylar berlen we erkin temalarda aýdymlary ýerine ýetirdiler. Olarda tapawutlananlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: