JEMGYÝET

Birinji aprelden «Kazan — Aşgabat» ugry boýunça howa gatnawlaryny täzeden başlamak meýilleşdirilýär

Kazan halkara howa menzili 2022-nji ýylyň aprelinden başlap Türkmenistan bilen uçuşlary täzeden başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Kazanskiye Vedomosti» neşiri howa menziliniň metbugat sekretary Adel Gataulliniň sözlerine salgylanyp habar berýär, diýip, «turkmenportal.com» ýazýar.

«Şu ýylyň 27-nji martyndan başlap, ýaz-tomus gatnaw döwri başlanýar, şol döwürde Kazan halkara howa menzilinde halkara ugurlaryň sany köpeler. Mysal üçin, aprel aýynda Aşgabat we Minsk ýaly ugurlary açmak meýilleşdirilýär» diýip, Gataullin gürrüň berýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 9-njy martyndan bäri Russiýa Türkmenistana, Ermenistana, Azerbaýjana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Özbegistana we Eýrana yzygiderli howa gatnawlary baradaky çäklendirmeleri ýatyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: