Kerkide iň gowy synp ýolbaşçysy yglan edildi

Kerki etrabynyň bilim bölüminiň binýadynda etrabyň orta mekdepleriniň arasynda «Iň gowy synp ýolbaşçy» atly bäsleşik geçirildi. Oňa orta mekdepleriň synp ýolbaşçylarynyň 35-si gatnaşdy. Bu  bäsleşigiň esasy maksady Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada edilýän talaplary ýerine ýetirmekden, sagdyn bedenli, maksada okgunly, watansöýüji ýaşlary terbiýelemekde mugallymlaryň öz ussatlygyny açyp görkezmekden, baý iş tejribesini kärdeşlerine öwretmekden ybarat boldy.

Onda baş baýraga  etrabyň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy Gülşat Hudaýberdiýewa mynasyp boldy we bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Birinji orna 27-nji orta mekdepden Şemşat Aşyrowa, ikinji orna 6-njy orta mekdepden Sona Döwletowa, üçünji orna 23-nji orta mekdepden Ogulbibi Nagmetowa dagy mynasyp görüldi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector