YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berildi

Lebap welaýatynda güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berildi. Oňa bagyşlanan esasy çäreler Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde bolup geçdi. Welaýat häkimliginde geçirilen maslahatdan soň daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynyň birinde il hormatly ýaşulular ak pata berip, ilkinji tohumy topraga taşlanlaryndan soň, ekiji tirkelen traktor bugdaý ekişine girişdiler.

Şu ýyl hem welaýat boýunça bugdaý ekmek üçin 130 müň gektar meýdan bölünip berildi. Indiki ýylyň tomsunda şonça meýdandan 310 müň tonna guşgursak bugdaý hasylynyň alynmagyna garaşylýar. Bu ýyl bu dänelik ekiniň ozalky ekilýän görnüşleri bilen bir hatarda türkmen seçgiçileri tarapyndan döredilen «Berkarar», Russiýa Federasiýasyndan satyn alnan «Alekseýewiç» we «Bezostyý—100» görnüşleri hem ekiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: